Russiýanyň etnografiýa muzeýine türkmen milli lybaslary sowgat beriler
Şu gün — 19-njy iýulda Russiýa Federasiýasynyň Etnografiýa muzeýine türkmen milli lybaslarynyň toplumyny sowgat bermek dabarasy bolar. Bu barada muzeýiň resmi saýtynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, Russiýanyň etnografiýa muzeýiniň hünärmenleri türkmenistanly kärdeşleri bilen köpden bäri hyzmatdaşlyk edýär. Guramaçylar Russiýanyň etnografiýa muzeýine adaty türkmen eşiklerini sowgat bermek däp bolan medeni gatnaşyklary gorap saklamakda nobatdaky ädim bolar. Lybaslar muzeýiň gymmatlyklarynyň üstüni ýetirer alar we sergini has-da bezär.
— Häzirki wagtda muzeýimizde örän gymmatly, has irki döwürler degişli miraslar bar. Olar muzeýiň 9 bölüminde ýerleşdirildi, şol sanda bölümleriň dördüsinde diňe dürli döwürlerde söz açýan suratlar bar. Olaryň aglabasy meşhur etnograf we suratçy Samuil Dudine degişli. Onuň Türkmenistanyň halkynyň ýaşaýyş-durmuşyndan, tebigatyndan, taryhy ýerlerinden düşüren suratlary hem muzeýimizde saklanýar. Biz, elbetde, gymmatlyklarymyzyň üstüni ýetirmek isleýäris. Häzirki günlerde muzeýimizde «Türkmenleriň haly dünýäsi», «Türkmen edebiýatynyň beýik klassygy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna» atly wagtlaýyn sergilerimizem hereket edýär – diýip, Russiýanyň Etnografiýa muzeýiniň müdiri Ýuliýa Kupina belleýär.
Habar berlişi ýaly, muzeýe sowgat berilýän gymmatlyklaryň içnde erkek we zenan lybaslary, şol sanda içmek, don, silkme telpek, milli köýnekler, aýakgaplar, we dürli şaý-sepler bar.