24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda, Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň degişli Kararyna gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

 

Bellenilişi ýaly, resminamada:

 

• Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmalydygy we ony Aşgabat şäherinde, Maslahat köşgünde geçirmelidigi;

 

• Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmelidigi we onuň düzümini tassyklamalydygy;

 

• Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 2023-nji ýylyň 18-nji iýulynda kabul eden 1-nji Karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçilik wekillerini hödürlemegiň Tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça jemgyýetçilik wekilleriniň sanawlaryny 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna bermelidigi;

 

• Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermelidigi we bu işleri utgaşdyrmalydygy barada aýdylýar.

 

«Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Karary türkmen halkynyň şöhratly ata-babalarynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, olaryň parasatly wesýetlerine eýerip, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatyň wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün etmek, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edarany – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen kabul edildi.