«Xiaomi» täze «Comfort Edition» simsiz syçanjygyny hödürledi

«Xiaomi» kompaniýasy özüniň täze önümini – «Comfort Edition» simsiz syçanjygyny satuwa çykardy. Önüm eýýäm Hytaýyň onlaýn dükanlarynda satuwda sargyt etmek üçin elýeterlidir. Onuň başlangyç bahasy 45 ýuana (6 ABŞ dollaryna) deňdir.

 

Düşündirişde aýdylyşy ýaly, syçanjygyň dizaýny eliň aýasyna goldaw beriji we uzak wagt ulanylmagyna garamazdan, ýadawlygy azaldyjy görnüşde ýerine ýetirlendir.  Şeýle hem, syçanjyk ýylpyldamaýan örtüge eýe we TTC ulgama sessiz geçmek mümkinçiligini özünde jemleýär.

Syçan 1200 DPI durulykda guralan optiki datçik bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň ölçegleri 111,1 x 74,5 x 40,6 mm we agramy 60 grama deňdir. Syçanyň ak we gara reňkleri bar.

 

Syçanyň aýratynlyklary:

Sensor: 1200 DPI optiki;

Simsiz birikme 2.4 GGs;

Ölçegi: 111.1 x 74,5 x 40,6 mm;

Agramy: takmynan 60 gram;

Reňk görnüşleri: ak we gara;

 

Aýratynlyklary: Inçe ýapylmadamaýan örtükli, sessiz TTC düwmeleri, teflon aýaklary we rezin örtükli aýlaw tigirleri;

 

Operasion ulgamynyň goldawy: Windows 10 we ondan ýokary / MacOS 10.13 hem-de şondan ýokary.