Serdar Berdimuhamedow hanym Ursula fon der Lýaýeni Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ursula fon der Lýaýeni Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady.
Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygyny mälim etmek bilen döwlet Baştutany, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky sebitleýin hyzmatdaşlygynyň çäginde bu gatnaşyklaryň ösdürilmegini goldaýandygyny we geljegi uly ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin tagalla etmäge taýýardygyny belledi diýip, TDH-nyň berýän habarynda aýdylýar.
18-nji iýulda fon der Lýaýen 2029-njy ýyla çenli bäş ýyllyk möhlete Ýewropa Komissiýasynyň (Ýewropa Bileleşiginiň iň ýokary derejeli ýerine ýetiriji edarasy) Başlyklygyna täzeden saýlandy. Onuň dalaşgärligini Ýewroparlamentiň 401 deputaty goldady, 284-si garşylyklaýyn ses berdi, 15-si saklandy.