Türkmenistan Nýu-Ýorkda durnukly şäher ulagy boýunça çäräni geçirdi

BMG-nyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçýän durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy «Durnukly şäher ulagy: BMG-nyň Baş assambleýasynyň durnukly ulag boýunça ýokary derejeli Mejlisine taýýarlyk we DÖM-nyň 11-njisini ýerine ýetirmek üçin Arkadag şäheriniň modeli» temasyndan çäräni gurnady.

 

Gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkmenistanyň halkara arenasynda degişli başlangyçlary öňe sürmek arkaly ulag durnuklylygy babatynda köptaraply dialogyň esasyny goýandygyny belledi. 2016-njy ýylda Türkmenistanda geçirilen durnukly ulag boýunça birinji Bütindünýä Maslahaty, 2022-nji ýylda bolup geçen deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Ministrler ulag maslahaty  munuň aýdyň mysallary bolup hyzmat edýär.

 

Mähri Bäşimowa myhmanlara Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan häzirki zaman şäher gurluşygy babatynda amala aşyrylýan tagallalaryň görkezijisi bolan täze şäher Arkadagy tanyşdyrdy.

 

Şunuň bilen baglylykda, çärä gatnaşyjylar bu iri gerimli taslamany ýerine ýetirmekde Türkmenistan bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny nygtadylar. Olar Türkmenistanyň özüniň bilelikde başlyklyk etmeginiň çäklerinde durnukly ulagyň dostlarynyň Toparynyň bilelikdäki duşuşyklaryny, şeýle hem şäher ulag ulgamlarynyň durnuklylygyny pugtalandyrmaga üns berýän BMG-Habitat-yň dostlarynyň Toparynyň duşuşyklaryny geçirmek teklibini goldadylar.

 

Çykyş edýänler şeýle hem Türkmenistan tarapyndan başlangyç berilen 26-njy noýabry durnukly ulagyň Bütindünýä güni diýip yglan etmek baradaky BMG-nyň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýasynyň, şeýle hem şu resminama bilen berkidilen üstümizdäki ýylyň noýabrynda durnukly ulag meseleleri boýunça Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň ýokary derejedäki Mejlisiniň  ähmiýetini bellediler.

 

Durnukly şäher ulagy boýunça çärä BMG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary, Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we sosial komissiýanyň (ESKATO) Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana, BMG-nyň ilatly nokatlar Maksatnamasynyň (BMG-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Mihal Mlinar, BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasin, BMG-nyň senagat ösüşi (ÝUNIDO) Maksatnamasynyň Baş direktorynyň orunbasary Sýun Szoý, BMG-nyň daşky gurşaw Maksatnamasynyň (ÝUNEP) Nýu-Ýork bölüminiň direktory Jamil Ahmad, ulag diplomatiýasynyň Halkara merkeziniň  Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow, şeýle hem BMG-nyň ykdysady we sosial meseleler we durnukly pesuglerodly ulag boýunça Hyzmatdaşlygy Departamentiniň (SLOCAT) wekilleri gatnaşdylar.