Türkmen talyplary Kazan şäherinde geçirilen «Tomusky uniwersitet» taslamasyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň talyplar wekiliýeti «Tomusky uniwersitet» taslamasyna gatnaşdylar. Çäräniň ýapylyş dabarasy Kazan Federal uniwersitetinde geçirildi.

 

«Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiriniň habar bermegine görä, ýaşlar forumynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy Maýa Çaryýewa we halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Jennet Myradowa, şeýle hem Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary Arslan Şaýymow, Ýakut Soltanmyradow, Hemra Baýrammuhammedow we Begenç Taýyrow dagy Türkmenistana wekilçilik etdiler.

 

Tomusky iki hepdelik taslamanyň ylym-bilim maksatnamasynyň çäklerinde alty ugur boýunça taslamalary taýýarlamakda we tanyşdyrmakda zehiniňi, bilimiňi we ukybyňy görkezmäge mümkinçilik döredildi. Şol ugurlar: «Emeli aň we Prompt-engineering maglumat tehnologiýalary»; «Geljegiň tehnologiýalary: fizika we inženeriýa»; «Dil. Medeniýet. Döredijilik»; «Binagärlik. Dizaýn. Urbanizm»; «Business Analytics 5.0: Design and Development of Information Panels with Yandex Data Lens (iňlis dilinde)», «BRICS+: New Trends in International Relations (iňlis dilinde)» diýen ugurlara degişli boldy.

 

Daşary ýurtly myhmanlaryň uýgunlaşmagy we ysnyşmagy üçin medeni maksatnama — Global Village gatnaşyjy ýurtlaryň tanyşdyrmalary göz öňünde tutuldy.

 

«Tomusky uniwersitet» taslamasy RF-niň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň hem-de «Sosiosentr» FDAYE-niň goldamagynda Kazan Federal uniwersiteti tarapyndan amala aşyrylýar.

 

«Tomusky uniwersitet» atly federal taslama 2021-nji ýylda işe girizildi.

 

Şu ýyl bu taslama 13 ýurtdan – Abhaziýadan, Günorta Afrikadan, Braziliýadan, Hytaýdan, Hindistandan, Eýrandan, Azerbaýjandan, Belarusdan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Täjigistandan, Özbegistandan we Russiýadan talyplaryň 400-si gatnaşdy.

 

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Türkmenistanyň wekilleriniň Kazan şäherinde geçirilýän «Tomusky uniwersitet» taslamasyna gatnaşýandyklaryny habar beripdik.