Türkmen talyplary Astrahandaky önümçilik tejribeligini üstünlikli tamamladylar
Türkmenistandan baran talyplar Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitindäki iki hepdelik önümçilik tejribeligini üstünlikli tamamladylar. Tejribeligiň dowamynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň dördünji ýyl talyplary Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň klinikasynda saglygy goraýşyň dürli ugurlary boýunça gymmatly tejribe topladylar. Bu barada Astrahan sebitiniň Daşary aragatnaşyklar ministrligi habar berýär.
Tejribelik «Lukmançylyk we sanitariýa bölümi» hususy saglygy goraýyş edarasynda geçirildi. Bu ýerde türkmen talyplary terapiýa, kardiologiýa we lukmançylyk bejergisi ýaly birnäçe bölümiň işi bilen tanyşdylar. Tanyşlykda tiz kömek bölüminiň we oftalmologiýa merkeziniň işine aýratyn üns berildi.
Mundan başga-da, önümçilik tejribeliginiň maksatnamasy Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň akkreditasiýa we simulýasiýa merkezine hem-de ýürek-damar hirurgiýasy federal merkezine baryp görmegi öz içine aldy.