Toplumlaýyn kibernäsazlyk GDA ýurtlarynyň köpüsine täsirini ýetirmedi

«Microsoft» korporasiýasynyň hyzmatlarynda ýüze çykan näsazlyk GDA ýurtlarynyň köpüsine täsirini ýetirmedi, diňe Ermenistanda we Moldowada uçuşlaryň gijikdirilmegi bellige alyndy. Bu barada «MIR24» habar berýär.

 

Azerbaýjanda, Ermenistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda hem-de Özbegistanda howa menzilleriniň, aragatnaşyk, bank we beýleki maksatnamalarda hiç hili mesele ýüze çykmady.

 

Ozal dürli ýurtlarda banklaryň, awiakompaniýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we beýleki pudaklarda işleýän kompaniýalaryň kompýuter ulgamlaryndaky uly näsazlyklar bilen bagly kynçylyklar hakyndaky habarlar ýaýrapdy. Amerikanyň «The Verge» portalynyň habarynda munuň sebäbiniň «Windows» operasion ulgamynyň binýadynda işleýän gurluşlaryň ýükleme işinde dörän möhüm ýalňyşlyk bilen baglydygyny tassyklady.