Türkmenistanyň wekiliýeti Alýat erkin ykdysady zolagyna baryp gördüler
Azerbaýjan Respublikasynda saparda bolýan Türkmenistanyň wekiliýeti Alýat erkin ykdysady zolagyna baryp, bu ýeriň dolandyryş müdirliginiň başlygy Waleh Aleskerow bilen duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň hatarynda ulag, logistika we söwda ulgamlarynda iş alyp barýan döwlet we hususy edara-kärhanalaryň wekilleri bar. Waleh Aleskerow erkin ykdysady zolagyň işi bilen tanyşdyrdy we türkmen tarapyny bu ýerdäki amatly maýa goýum mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy. Erkin ykdysady zolakda iş alyp barmagyň mümkinçilikleri, şertleri we bu ýerde gurlan desgalar we beýleki aýratynlyklar bilen giňişleýin tanyşdyryldy.
Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Bakuwyň Halkara deňiz söwda portuna hem baryp gördüler. Saparyň maksady türkmen we azerbaýjan deňiz portlarynyň arasynda özara hyzmatdaşlygy berkitmekden, deňiz ýük gatnawlaryny işjeňleşdirmek üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Iki döwlet hem geografik taýdan amatly ýerde ýerleşip, sebitleriň arasynda ulag hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça amatly başlangyçlar bilen çykyş edýärler.