Hytaý arkaly Gruziýadan Türkmenabada tarap ýene bir ýük howa gatnawy ýola goýuldy

2024-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, Gruziýanyň Georgian Airways howa kompaniýasy Tbilisi - Meýlan - Türkmenabat - Tbilisi ugry boýunça täze ýük howa gatnawyny açdy. Bu barada Tbilisidäki türkmen diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy Türkmenabadyň halkara aeroportyna salgylanyp habar berdi.

 

Bu ädim Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

 

Bu ugur 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri gruziýaly Geosky Georgian International Airlines howa kompaniýasy tarapyndan amala aşyrýan ýük howa gatnawynynyň üstüni doldurar. Olaryň uçuşlary Tbilisi - Çžençžou - Türkmenabat - Saragosa - Tbilisi ugry boýunça amala aşyrylýar.