Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

24-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

 

Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Özbegistan Respublikasynyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, ýurduň doganlyk halkynyň abadançylygy ugrunda alyp barýan işleriniň Watana ak ýürekden hyzmat etmegiň aýdyň nusgasydygyny belledi. Şeýle-de Milli Liderimiz dostlukly döwletiň Baştutanyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýetirdi.

 

Özbegistanyň Prezidenti mähirli gutlaglary, hoşniýetli arzuwlary, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berýändikleri üçin döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky gadymdan gelýän dostlukly gatnaşyklara, ynanyşmaga, özara düşünişmäge esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen belledi.

 

Häzirki wagtda Özbegistanyň dürli ugurlarda batly depginde ösýändigini, halkyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli gowulandyrylýandygyny görmek biziň üçin örän ýakymly diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň strategik, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýändigini belläp, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlugy, özara düşünişmegi pugtalandyrmaga goşýan ägirt uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar açyklygy, özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen baglylykda, diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, halkara düzümleriň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýändigi nygtaldy. Şunda sebit we ählumumy wehimleriň öňüni almakda iki ýurduň garaýyşlarynyň hem-de çemeleşmeleriniň gabat gelýändigine aýratyn üns çekildi. Türkmen-özbek söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär, medeniýet, ylym, ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk üstünlikli giňeldilýär. Häzirki wagtda iki ýurduň sebitleriniň arasynda netijeli dialog ýola goýuldy, parlamentara gatnaşyklar hem ösüş ýoluna düşdi diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

 

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ählumumy abadançylygyň hatyrasyna özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyk ruhunda yzygiderli çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

 

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewi doglan güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.