R.Meredow Pakistanyň federal nebit ministri bilen duşuşdy
24-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň federal nebit ministri Musadik Masud Malikiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar ýangyç-energetika pudagynda türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegini mundan beýläk-de ilerletmek mümkinçiliklerine seredildi. Bu uly göwrümli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň Aziýa sebitinde durnukly durumuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendigi bellenildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar TOPH taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly anyk meseleleri çözmegiň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.