Owganystanda Özbegistan bilen Pakistany birleşdirýän demir ýol geçelgesi gurlar
Pakistan, Özbegistan we Owganystan Transowgan demir ýol geçelgesini gurmagy maksat edinýärler. Degişli resminama 3 ýurduň iş toparlarynyň geçiren duşuşygynda gol çekildi.
Uzynlygy 760 kilometre barabar demir ýol Özbegistanyň Termez şäherinden başlanyp, Owganystanyň Mazari-Şarif we Logar şäherleriniň üsti bilen Pakistanyň Kurram sebitindäki Harlaçi serhet geçiriş ýerine çenli uzar. Degişli taslamany durmuşa geçirmek üçin 6 milliard amerikan dollary gerek bolar.
Hasaplamalara görä, degişli taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Özbegistandan Pakistana ýükleri geçirmäge sarp edilýän wagt 5 güne çenli, ýol üçin çykarylýan çykdajylar hem azyndan 40 göterim azalar. Mundan başga-da, ol ýurtlaryň özara söwdasyna, sebitiň ulag we ykdysady gatnaşyklaryna oňyn täsir eder.
Taslamany 2027-nji ýylyň aýagyna çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar. 2030-njy ýyla çenli täze demir ýol şahasy arkaly ýylda 15 million tonna ýük daşalyp bilner.
Taraplar ütsaşyr demir ýol geçelgesini gurmak boýunça tehniki işleri geçirmegi we maýa goýum çeşmeleri boýunça hem ylalaşdylar.