Türkmen wekiliýeti Hytaýda geçirilýän ýetginjekler üçin lagere we mugallymlar üçin okuw maslahatyna gatnaşýar
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ylym Gaznasy (ECOSF) tarapyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Kunming şäherinde geçiriljek “Ýetginjekler üçin 8-nji “Guşak we Ýol” atly lageriň 2-nji tapgyryna, we mugallymlar üçin okuw maslahatyna” gatnaşmak üçin Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň umumybilim edaralaryndan düzülen bäş okuwçydan hem-de iki mugallymdan ybarat türkmen wekiliýeti 2024-nji ýylyň 21-31-nji iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Kunming şäherine okuw saparyna iberildi.
Ýetginjekler üçin “Guşak we Ýol” atly lageriň hem-de mugallymlar üçin okuw maslahatynyň esasy maksady, ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, ýaş nesillerde täze gözleglere, innowasiýalara bolan höwesi döretmäge ýardam etmekden, şeýle hem mugallymlaryň hünär tejribeleri boýunça özara pikiralyşmalary guramakdan ybarat.
Türkmen wekiliýeti Kunmingde bolan döwründe şäheriň taryhy we medeni gözel ýerlerine baryp görer, bu olara hytaý medeniýetine we halklaryň medeni gatnaşyklarynyň özara arabaglanyşygyna has gowy düşünmäge mümkinçilik berer.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň wekiliýetiniň Ýetginjekler üçin “Guşak we Ýol” atly lageriň hem-de mugallymlar üçin okuw maslahatyna gatnaşmagy, Türkmenistanyň işjeň halkara hyzmatdaşlygyna we bilimiň hilini ýokarlandyrmaga ygrarlydygyny görkezýär. Şular ýaly çäreler ýurtlaryň arasyndaky ylmy we bilim gatnaşyklaryny berkitmäge, şeýle hem gatnaşyjylaryň hünär endiklerini we bilimlerini ösdürmäge kömek edýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, bu dabaralara dünýäniň 38 ýurdunyň wekiliýetinden ybarat, jemi 300-e golaý wekiller gatnaş
ýarlar.