Owganystan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge taýýardygyny mälim etdi

«TOLOnews» tarapyndan berlen maglumatda aýdylyşy ýaly, Owganystanyň Magdan senagaty we nebit ministrligi TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegine taýýarlyk işleriniň tamamlanandygyny habar berdi.

 

Ministrligiň wekili Homaýun Afgan ýurtda howpsuzlugyň üpjün edilendigini, taslama üçin ýer taýýarlamak meselesiniň bolsa üstünlikli çözülendigini tassyklady.

 

Ol sebitiň ýurtlaryny taslamanyň üstünde işlemäge çagyrdy.

 

«Bu iň uly taslamalaryň biridir. Owganystanda howpsuzlyk, tehniki talaplar we ýer almak ýaly meseleleriň birnäçesi bardy, olaryň köpüsi eýýäm çözüldi. Häzirki wagtda diňe käbir ownuk meseleler galdy. Olaryň hem ýakyn geljekde aradan aýryljakdygyna umyt edýäris» — diýip, Homaýun Afgan belledi.

 

Golaýda Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Yslamabatda saparda boldy. Şol ýerde Pakistanyň Federal nebit ministri Musadik Malik bilen geçirilen duşuşykda taraplar TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegi ilerletmek boýunça pikir alyşdylar.   

 

Pakistan we Türkmenistan taslamanyň sebitara gatnaşyklary berkitmekdäki, ykdysady ösüşi işjeňleşdirmekdäki hem-de gatnaşyjy ýurtlaryň energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmakdaky strategiki ähmiýetine ünsi çekdi.