GDA-nyň Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň başlygy türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi

19-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Aşgabada sapar bilen gelen GDA-nyň Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň başlygy Buri Karimow bilen duşuşdy.

 

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen GDA-nyň Ýolçularyň hökümetara geňeşiniň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary, şeýle hem sebitdäki halkara ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Taraplar Türkmenistanyň ählumumy ulag dialogyna işjeň gatnaşmagy barada pikir alyşdylar, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara ulag infrastrukturasyna integrirlenmegi üçin bu pudagyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, giňeltmäge we içerki ulaglary birleşdirmek üçin täze ulag we aragatnaşyk torlaryny döretmäge gönükdirilen giňişleýin milli maksatnamalaryň, şeýle hem ýurdumyzda multimodal ulagyň sebitleýin utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistika merkezleriniň döredilmeginiň ähmiýetini bellediler.

 

B.Karimow halkara ulag geçelgeleriniň, awtoulag ýollarynyň ýagdaýyny we ösüşini gowulandyrmaga, ýol howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem ulag we ýüklerdäki päsgelçilikleriň sanyny azaltmaga ýardam etmäge gönükdirilen 6-njy halkara awtoulag ýörişiniň üstünlikli geçirilmegine ýardam edenligi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

 

Taraplar şeýle hem Türkmenistanda ýol gurluşygy pudagynda ýokary tehnologiýaly täzeçillikleriň ornaşdyrylmagynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.