Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrar
Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow mongol kärdeşi hanym Batseseg Batmunhiýniň bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Taraplar iki ýurduň arasynda adaty dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen giň meseleler toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Söhbetdeşler Mongoliýanyň Prezidenti Uhnagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana amala aşyrjak ilkinji döwlet saparyna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berdiler.