Lýuksemburgyň iri ulag kompaniýasy Türkmenistanyň üsti bilen ýükleri daşaýar

Ýewropanyň Lýuksemburg döwletinde esaslandyrylan iri “Cargolux Airlines” ulag-logistik kompaniýasy Türkmenistanyň üsti bilen yzygiderli ýük howan gatnawlaryny ýerine ýetirýär.

 

2015-nji ýylda Türkmenistan bilen Lýuksemburgyň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak hakynda ylalaşyk baglaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Lýuksemburg we Aşgabat şäherleriniň arasynda yzygiderli ýük howa gatnawlaryna badalga berildi.

 

Aşgabadyň Halkara howa menzili Merkezi Aziýada iri ýük we logistika merkezi bolmak bilen, üstaşyr geçýän uçarlar üçin tehniki gonuş merkezi hökmünde hem çykyş edýär.