Türkmenistanyň ilçihanasy «Ahundowyň öýi» galereýasynda sergi gurady
26-njy iýulda Tbilisi şäheriniň «Ahundowyň öýi» galereýasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň guramagynda «Magtymguly Pyragy: Gruziýanyň gözi bilen» atly fotosurat sergisi açyldy.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, çärä Gruziýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, professional suratçylar, medeniýet we sungat işgärleri, ylmy intelligensiýasynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, sergide türkmen suratkeşleriniň Magtymguly Pyragynyň durmuşyndan täsirli wakalary gürrüň berýän 50-den gowrak eserleri görkezilýär.
Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, serginiň Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň has giňden tanyşmagyna, doganlyk halklaryň arasyndaky dostlugyň we hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ýardam berjekdigini nygtady.
Tbilisi şäheriniň Krtsanisi etrabynyň häkimi Beka Mikautadze türkmen halkyny Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli gutlady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň häzirkizaman türkmen-gruzin döwletara dialogynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny belledi.
Sergi 2024-nji ýylyň 2-nji awgustyna çenli dowam eder.