Hindistanda dünýäniň iň belentdäki ýerasty geçelgesiniň gurluşygy başlandy

Hindistanyň demirgazygynda dünýäde iň belentdäki Şinkun La ýerasty geçelgesiniň gurluşygy başlandy.

 

Ýerasty geçelgäniň taslamasy Nimmu-Padum-Darça ýolunda takmynan 4815 metr belentlikde ýerleşýän iki sany 4,1 km uzynlygy bolan ýoly öz içine alýar. Bu ýol dürli howa şertlerinde daglyk Leh şäherine üznüksiz aragatnaşygy üpjün eder.

 

«Gurlup gutarylsa, bu dünýädäki iň belentlikde gurlan ýerasty geçelge bolar» — diýip, bellän Hindistanyň hökümetiniň wekili Şinkun Lanyň Ladakhdaky ykdysady we sosial ösüşine goşant goşjakdygyny aýtdy.

 

Häzirki wagtda dünýäde bu görnüşdäki iň ýokary belentlik Hytaýyň Tibet awtonom sebitiniň paýtagty Lhasa bilen sebitiň günorta-gündogaryndaky Ningçi şäherini birleşdirýän geçelgedir: ol deňiz derejesinden 4750 m belentlikde ýerleşýär .