Türkmen gazynyň Türkiýä ýollanmagy eýýäm geljek ýyldan başlanyp biler

 Türkiýäniň energetika we tebigy resurslar ministri 26-njy iýulda hususy türk habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde eden çykyşynda şeýle belledi:

 

«Biz başlangyç tapgyrda Eýranyň we Azerbaýjanyň üsti bilen Türkmenistandan 2 miliard kub metre çenli gazy Türkiýe Respublikasyna ýetirmegiň üstünde işleýäris. Munuň üçin infrastruktura goşmaça uly maýa goýumlaryň zerutlygy ýok».  

 

Ministr Alparslan Baýraktar bu meselede Azerbaýjan bilen hiç bir kynçylygyň ýokdugyny tassyklady. Ol Eýranyň hem bu hyzmatdaşlyga goşulan ýagdaýynda, tebigy gazyň üpjünçiliginiň geljek ýyldan başlanjakdygyna umyt bildirýändigini belledi.

 

«The Daily Sabah» tarapyndan berlen habarda aýdylyşy ýaly, Baýraktar şeýle mukdardaky tebigy gazyň üpjünçiligi üçin Türkiýäniň, Azerbaýjanyň hem-de Eýranyň kuwwatynyň ýeterlikdigini nygtady.  

 

«Muňa garamazdan, indiki tapgyr üçin infrastrukturany pugtalandyrmak boýunça täze geçirijiler, şol sanda kompressorlar hem-de beýleki turbogeçirijiler zerur bolar. Şeýle ýagdaýda bu gazy Ýewropa ýetirmäge hem mümkinçilik dörär» — diýip, Baýraktar belledi.