Türkmenistan ulag pudagynyň sanlaşdyrylmagyna uly ähmiýet berýär
– Sanlaşdyrmak häzirkizaman dünýäde ulag pudagynyň progressiw ösüşi üçin esasy hereketlendirijilerden biridir we Türkmenistan bu tendensiýalara uly ähmiýet berýär – diýip, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew Awazada deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ulag ministrleri derejesindäki maslahatynda eden çykyşynda aýtdy.
Agentligiň başlygy: "Ozal ulag hyzmatlaryny ulanýanlar üçin ýüklerini wagtynda ugratmak we zeper ýetmedik ýagdaýda kabul edip almak ýeterlik bolan bolan bolsa, bu gün oňa bolan garaýyşlar üýtgedi. Bu hyzmatlardan peýdalanýanlar üçin ýüklerini yzarlamak, ýagdaýyny, nirededigini we haýsy sebäbe görä bökdençligiň ýüze çykandygyny anyklamak zerur. Şu maglumatlary göz öňünde tutmak bilen olar logistika amallaryny kämilleşdirýärler.” – diýdi.
Ýüki gözlemek we mundan beýläk daşamak üçin resminamalary gyssagly doldurmak üçin sanly platformalaryň ähmiýeti barha artyp barýar. Ýük daşama şertlerini hakyky wagtda seljermäge mümkinçilik berýän programmalaryň ähmiýeti artýar.
Hudaýgulyýew: “Global tendensiýalary göz öňünde tutmak bilen, Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler girizildi, bu bolsa gümrük amallaryny sanlaşdyrmak arkaly ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berer, “ – diýip belledi. – “Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyz halkara ulag geçelgelerine goşulmak üçin işjeň we maksadalaýyk çäreleri görýär.”
– Ozal kabul edilen uzakmöhletli ösüş maksatnamalaryna laýyklykda, Türkmenistan sanlaşdyrma ulgamynda yzygiderli tejribe toplaýar we daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde şahalandyrylan garyşyk ulag ulgamyny döretmäge gönükdirilen iri infrastruktura taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär, bu esasanam deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin peýdalydyr – diýip, "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň başlygy aýtdy.