“Älem TV” kartlary indi “Türkmenpoçtanyň” ähli nokatlarynda satylyp başlanar

1-nji awgustdan "Türkmenpoçta" (https://post.tm/) poçta aragatnaşyk kärhanasy özüniň ähli nokatlarynda “Älem TV” hemra teleýaýlymynyň kartlaryny satyp başlar. “Älem TV” operatory Ýewropanyň, Aziýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Hindistanyň 230-dan gowrak teleýaýlymyny hemra aragatnaşygy arkaly görkezýär. Hemra aragatnaşygy arkaly teleýaýlymy bökdençsiz we ýokary hilli görmek isleýänler öňümizdäki aýdan operatoryň degişli kartlaryny “Türkmenpoçtanyň” ähli nokatlaryndan satyn alyp bilerler.

 

Şeýle hem, “Älem TV” kartlary bolanlar “Türkmenpoçtanyň” islendik nokatlaryndan (https://post.tm/departments) özleriniň hasaplaryny dolduryp bilerler. Töleg işiniň "Çapar" (https://play.google.com/store/apps/details?id=tm.gov.turkmenpost.caparpay&hl=ru&gl=US) köpugurly mobil goşundysy arkaly onlaýn görnüşde hem ýerine ýetirip bolýandygyny ýatladýarys.

 

“Älem TV” kartlaryny poçta aragatnaşyk kärhanasynyň islendik nokatlary arkaly satyn almaga mümkinçiligiň döredilmegi raýatlaryň hemra teleýaýlym operatorynyň hyzmatlaryndan ýurduň islendik künjeginden peýdalanmaga şert döredýär. “Älem TV-niň” hyzmatlaryndan peýdalanyp, raýatlar dürli ýurtlaryň meşhur teleýaýlymlaryna ýokary hil derejesinde tomaşa edip bilerler.