Türkmenistanda mis kabeller öndürilip başlandy

Türkmenistanda ilkinji gezek mis kabelleri öndürilip başlandy. Munuň ýurduň senagat toplumynyň importa garaşlylygyny azaldyp, möhüm desgalara ygtybarly elektrik üpjünçiligini üpjün etmekde ähmiýetli boljakdygyny «MIR 24» habar berýär.

 

Mis kabelleri öndürmek üçin enjamlar Türkiýeden getirildi. Çig mal ýene-de Türkiýeden we Özbegistanda satyn alynýar. Kompaniýa kabelleriň birnäçe görnüşini öndürýär. Olar ýaşaýyş jaýlary we ofis binalary üçin niýetlenendir. Onuň önümçilik kuwwaty günde 24 müň metr mis kabellerini öndürmäge ýetýär.

 

«Ýurdumyzy ýokary hilli we elýeterli mis kabeli bilen üpjün etjek täze önümçilige başladyk. Täze önümçilik desgamyz iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyryldy we ösen tehnologiýalary ulanýar. Bu ähli halkara ülňülerine laýyklykda iň ýokary hilli kabelleri öndürmäge mümkinçilik berýär» — diýip, kärhananyň müdiri aýdýar.

 

Geljekde kompaniýa senagat kärhanalary üçin hem kabelleri öndürer. Şeýle hem geljekde kärhananyň GDA-nyň bazarlaryna girmek meýilnamalary bar.