Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI-a milli baýram — Tagta geçmek güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Patyşa Mohammed VI-a tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Marokko Patyşalygynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.