Aşgabatda oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy boýunça halkara maslahat geçiriler

Şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygyna bagyşlanyp halkara maslahat geçiriler. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün ýurduň oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda aýtdy.

Döwlet Baştutany degişli ýolbaşçylara bu halkara maslahata gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatynyň barşynda oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurduň oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady.

Döwlet Baştutany welaýatlaryň häkimlerine we beýleki degişli ýolbaşçylara ýurtda oba hojalyk pudagyny ösdürmek bilen bagly anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.