Türkmenistan we Özbegistan gümrükhanada öňünden habar berme babatynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler

Türkmenistan we Özbegistan gümrük edaralarynyň harytlar we ulag serişdeleri barada öňünden habardar edilmegi babatynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Bu mesele Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň ykdysadyýet we maliýe Ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleriniň onlaýn-duşuşygynyň esasy temasy boldy.

 

Taraplar iki ýurduň gümrük edaralarynyň arasynda maglumaty bermek prosessi bilen baglanyşykly tehniki meselelere seretdiler.

 

Öz gezeginde, Özbegistanyň wekilleri türkmen kärdeşlerini öňünden habar bermek ulgamynyň ulanylyş tejribesi bilen, şol sanda awtomobil ulagynyň Halkara birleşmesiniň TIR-EPD goşundysy bilen tanyşdyrdylar.