Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
29-njy iýulda bolan söhbetdeşlikde taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, iň ýokary döwlet derejesinde özara saparlar bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem dürli derejelerdäki syýasy geňeşmeleriň ähmiýeti nygtaldy. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary iki ýurtda geçirilýän çärelere ýokary derejeli wekiliýetleriň gatnaşmagynyň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar halkara meýdançalarynda alnyp barylýan konstruktiw özara gatnaşyklary nazara almak bilen, Türkmenistan hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar.