Türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

29-njy iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşit Meredow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleuwy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

 

Söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna garadylar. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginde esasy şertleriň biriniň ýokary derejede dostlukly dialogyň bolup durýandygy bellenildi.

 

Döwlet Baştutanlarynyň, iki ýurduň liderleriniň duşuşyklarynyň döwletara hyzmatdaşlygyny dürli ugurlar boýunça ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga itergi berýändigi aýratyn nygtaldy.

 

Taraplar halkara guramalarynyň we köptaraplaýyn gurluşlaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.