Poster bäsleşigi barada bildiriş!

12-nji awgustda Bütindünýä ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistandaky BMGÖM, Ýaponiýanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän PVE taslamasynyň çäginde Türkmenistanda ýaşaýan ýaşlar üçin poster bäsleşigini yglan edýär! Bu bäsleşik, “Ýaşlar we Parahatçylyk” mowzugynda döredijiligiňizi we pikiriňizi görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Maksady: Bäsleşik ýaşlara parahatçylygy saklamagy we jemgyýetde oňyn özgerişleri amala aşyrmak üçin öz pikirlerini we garaýyşlaryny beýan etmäge mümkinçilik bermek maksady bilen gurnalýar.

Gatnaşmak üçin ýaş kategoriýalary:

14-18 ýaş;

18-24 ýaş;

24-35 ýaş;

Talaplar:

Posteriň ady, grafikasy we teksti bolmaly;

Poster bilen bilelikde onuň mowzugyny we mazmunyny düşündirýän gysgaça tekst (50-60 söz) ugratmaly.

Diller: türkmen, rus ýa-da iňlis.

Postyňyzda @undp_turkmenistan belligini ediň.

Doly adyňyz, ýaşyňyz we ýaşaýan ýeriňiz bilen posteri we ony düşündirýän teksti youthfutureskills@gmail.com elektron poçtasyna iberiň.

Baha bermegiň düzgünleri:

Bäsleşigiň mowzugy bilen baglanyşygy;

Döredijilik we özboluşlylyk;

Wizual täsir;

Mazmunyň aýdyňlygy;

Kompozisiýa we dizaýn;

Tehniki ýerine ýetiriş.

Giriş möhleti: 2024-nji ýylyň 10-njy awgusty.