Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

30-njy iýulda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran toparynyň türkmen tarapynyň başlygy R.Meredow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy.

Saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri dostlukly ýurduň Prezidenti tarapyndan kabul edildi. R.Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň täze saýlanan Prezidentine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Öz nobatynda Eýranyň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ägirt uly goşant goşýan hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny beýan etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy dürli ugurlar boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, EYR-niň Prezidenti Masud Pezeşkian ýangyç-energetika, elektrik energiýasy, ulag-üstaşyr ugurlary boýunça ozal gazanylan ylalaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine ünsi çekdi hem-de Türkmenistanyň bu ugurda öňe sürýän möhüm başlangyçlaryna we durmuşa geçirýän umumadamzat ähmiýetli taslamalaryna ýokary baha berdi.

Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda özara hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalarynyň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Soňky ýyllarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeň häsiýete eýe bolýar, bu gatnaşyklar hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.