Aşgabatdaky «Ertekiler dünýäsiniň» dizaýn nusgasyny taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan edildi
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabatdaky innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan «Ertekiler dünýäsiniň» dizaýn nusgasyny taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan etdi. Taslama iň täze innowasiýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan özboluşly seýilgähi döretmegi göz öňünde tutýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berildi.
Gyzyklanýan taraplaryň arzalary we teklipleri bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Marketing we daşary ykdysady gatnaşyklar bölüminde hasaba alynýar:
Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 84.
Degişli arzalar 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabryna çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-45-55, 44-46-64.
Ozal Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda «Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsiniň» ýerine seýilgäh gurmak boýunça bäsleşik yglan edilendigi barada habar beripdik.