Balkanda nobatdaky gämä abatlaýyş işleri geçirildi

“Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda milli flotumyzyň nobatdaky gämisine abatlaýyş işleri geçirilip taýýar edildi. “Atamyrat Nyýazow” diýlip atlandyrylýan bu tanker ýakyn günlerde ulanyşa goýberiler.

 

Bir wagtda nebit önümleriniň 4260 tonnasyny daşamaga niýetlenen bu gämi 2001-nji ýylda guruldy. Onuň abatlaýyş işleri dolulygyna ýerli hünärmenleriň hasabyna ýerine ýetirildi. Gäminiň abatlanyp, gaýtadaan deňze goýberilmegi ýurdumyzyň nebit önümleriniň eksportyny artdyrmaga özüniň goşandyny goşar.

 

Açylyp ulanmaga berlen gününden, ýagny, 2019-njy ýyldan bäri, “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda dürli görnüşli gämileriň 80-den gowragynda abatlaýyş işleri üstünlikli geçirildi. Bu gämiler Milli söwda flotuna we daşary ýurt kompaniýalaryna degişlidir.

 

Döwrebap “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody açylmazdan ozal, milli flotumyzyň gämilerine beýleki hazarýaka döwletleriniň gämigurluşyk we abatlaýyş zawodlarynda degişli işleri geçirýärdiler. Häzirki wagtda “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody gämileri gurmak we abatlamak üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemelýär. Milli flotumyzyň gämilerine öz gämigurluşyk we abatlaýyş zawodymyzda degişli işleriň geçirilmegi bui babatda wagty we daşary ýurt gämigurluşyk we abatlaýyş zawodlaryna beriljek gymmatly maýa serişdeleri tygşytlamaga ýardam berýär.

 

“Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda döredilen mümkinçilikler zawodyň netijeliligini artdyryp, gämigurluşyk senagatynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Bu öz gezeginde, müşderileriň zawodyň hödürleýän hyzmatlaryna bolan gyzyklanmalaryny artdyrýar. Şunuň bilen birlikde, zawod gämigurluşygynda çykdajylary azaltmaga we maliýe serişdelerini has netijeli ulanmaga şert döredýär. Zawod ýerli hünärmenleriň hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek babatda hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýdy.

 

“Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody döwrebap tehnologiýalar arkaly halkara ölçeglere laýyklykda gämileriň gurulmagyny we abatlanmagyny üpjün edýär. Zawod ýylda 10 müň tonna polady gaýtadan işläp, 4-6 gämini gurmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, ol ýylda 2 müň tonna polady gaýtadan işlemek arkaly 20 – 30 gämä abatlaýyş işlerini geçirmäge şertleri üpjün edýär.

 

Gämi gurmak işi özünde degişli gurluşyk serişdelerini kabul etmekden, ýygnamakdan taýýar bolan gämini suwa goýbermäge çenli bolan tapgyrlary öz içine alýar. Zawodda döredilen şertler bu çylşyrymly işleri kynçylyksyz ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. 166 müň inedördül metr çäkde ýerleşýän zawod arkaly islendik görnüşdäki we ölçegdäki gämileri kabul edip, abatlaýyş işlerini geçirip bolýar.

Milli deňiz söwda flotuny mundan beýläk-de ösdürmegiň çäklerinde ýakyn wagtda “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda dürli ölçeglerdäki gämileriň gurluşyk işini ýola goýmak göz öňünde tutulýar.