Özbegistan ilkinji gezek saýlawlarda sanly tehnologiýalary ulanýar
Özbegistanyň taryhynda ilkinji gezek saýlawlarda sanly tehnologiýalar ulanylýar diýip, Türkmenistanyň milli habarlar gullugy habar berýär.
“E-saylow” maglumat ulgamy, saýlaw döwründe 400 müňe golaý gatnaşyjyny, hususan-da, saýlaw toparlarynyň agzalaryny, deputatlary dalaşgärleri we synçylary öz içine alýan uly maglumat goryny döretdi.
Bu ulgamyň üsti bilen saýlaw toparlarynyň agzalary bilen syýasy partiýalaryň, dalaşgärleriň, synçylaryň we habar beriş serişdeleriniň arasynda 60-a golaý özara gatnaşyk amala aşyrylar. Ulanyjylar bilen aragatnaşyk SMS habarnamalary arkaly amala aşyrylar.
Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň Kanunçylyk palatasyna indiki saýlawlar 2024-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda geçiriler. Ilkinji gezek Kanunçylyk palatasyna saýlawlar garyşyk, ýagny mažoritar-proporsional saýlaw ulgamy esasynda geçiriler. Saýlawçylar belli bir dalaşgäre ses berenlerinde, 75 deputat gönüden-göni mažoritar ulgam tarapyndan saýlanar, galan 75 sanysy partiýalara ses bermek arkaly proporsional ulgam tarapyndan saýlanar.
Şeýle ulgam has deňagramly we wekilçilikli kanun çykaryjy düzümi döretmegi we demokratik kanunlygy berkitmegi we has giň sysasy sesleri üpjün etmegi maksat edinýär.