Türkmenistanyň ilçisi Belarusyň daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirdi

31-nji iýulda Belarus Respublikasynyň daşary işler ministri Maksim Ryženkow bilen Minskdäki Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada «Belta» ýurduň daşary syýasat edarasyna salgylanyp habar berdi.

Taraplar ikitaraplaýyn derejede türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň käbir ugurlaryny, şol sanda ýakyn wagtda geçiriljek duşuşyklaryň we saparlaryň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň çägindäki haryt paýlaýyş torlarynyň işini gowulandyrmak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çeşmäniň habaryna görä, söhbetdeşler bilim pudagynda bilelikdäki işleriň, ýagny türkmen talyplaryny Belarus uniwersitetlerinde okatmagyň kanagatlanarlydygyny bellediler.