Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ýygyndysynyň üsti täze eksponatlar bilen ýetirildi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ýygyndysynyň üsti täze eksponatlar bilen ýetirildi. Olary muzeýe tanymal aýdymçy Myrat Diwanaýew peşgeş berdi. 200-e golaý täze eksponat indi muzeýiň tematiki sergilerini bezär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» habar berdi.
Myrat Diwanaýew — meşhur aýdymçy, ol — dünýä we durmuşa oňyn tarapdan düşünýän we örän zähmetkeş ynsan. Tebigat oňa köptaraply zehin eçilipdir.
Myrat Diwanaýew çagalykdan surat çekmek bilen gyzyklanýar. Muzeýe sowgat edilen suratlaryň arasynda Myrat Diwanaýewiň dosty, zehinli sazanda, ilkinji türkmen gitaraçysy Yslam Babaýewiň geçen asyryň 20-nji ýyllaryndaky türkmen komsomolynyň ilkinji agzasy, Lenin bilen tanyşmak miýesser eden Jemile Paltaýewanyň portreti bar.
Myrat Diwanaýew Türkmenistanyň halk suratkeşleri, doganlar Aman we Çary Amangeldiýewlerden surat çekmegi öwrendi, Niderlandlardan impressionist Winsent Wan Gogyň döredijiliginiň muşdagyna öwrüldi. Olar aýdymçynyň çeken işlerine täsirini ýetirdi. Surat çekmekden başga-da, Myrat Diwanaýew keramika bilen hem gyzyklandy we hünär tilsimlerini keramika ussady Tagir Ibragimowdan öwrendi. Muzeýe sowgat edilen zatlaryň arasynda aýdymçynyň döreden keramiki küýzeleri hem bar.
70-nji ýyllarda Diwanaýew fotosurat bilen gyzyklanyp we albom toplap başlady, onda ussat döredijilik işgärleriniň ýazgylarydyr awtograflary bar. Onda belli kompozitor Weli Muhadowyň, şahyr Kerim Gurbannepesowyň, Türkmenistanyň we SSSR-iň halk artistleri Maýa Kulyýewanyň hem-de Alty Garlyýewiň ýazgylary bar.
1982-nji ýylyň dekabrynda türkmen kompozitory Nury Halmämmedow: «Hormatly Myrat Orazowiç, meniň täk islegim, sizi diri, umytsyzlyga ýol bermeýän begençli, şadyýan halda görüp durmak. Şeýle kuwwatly sungat daragtynyň dürli şahalarynda islän zadyňa elmydama ýetjekdigiňize ynam bilen» diýip, alboma hoş arzuwlaryny ýazypdyr.
Myrat Diwanaýewiň bütin ömrüni bagyş eden, soňky döwür has-de gyzyklanýan zady şygryýetdir. Yhlasly, filosofiki we optimistik goşgular awtoryň şahsyýetini açyp görkezýär.