Awazada dynç alýanlar üçin Hazar deňzi boýunça gämili gezelençler guralýar
Türkmenistanyň Deňiz söwda floty Hazar deňziniň kenary boýunça täze gämili gezelenç ugrunyň açylandygyny yglan etdi.
Deňizde gämili gezelenç – bu açyk deňizde wagtyňy gowy geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilik. Gämili gezelenç ugry deňiz menzilinden başlanyp, ajaýyp dynç alyş merkezi bolan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň deňiz kenary boýunça dowam edýär. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy özüniň ajaýyp kenarýakasy, maýyl ediji howasy we deňiz gözelligi bilen tapawutlanýar. Gämili deňiz gezelenjiniň dowamynda syýahatçylar deňiz gözelligini, Awazanyň täsin görnüşini synlap, lezzet alyp bilerler.
Awazanyň kenary boýunça gämili deňiz gezelenjiniň dowamlylygy 3 sagat dowam edip, bilediň bahasy 45 manada deňdir.
Deňiz söwda floty şeýle hem Türkmenbaşy – Gyzylsuw – Türkmenbaşy ugry boýunça yzygiderli deňiz gatnawyny amala aşyrýar. Gyzylsuw – bu Türkmenistanyň Hazar deňizndäki ilatly ýeketäk adasysydyr. Bu ugur boýunça gämili gatnawyň bahasy bir tarapa 20 manatdan ybaratdyr.
Türkmenbaşy – Awaza, Türkmenbaşy – Gyzylsuw ygry boýunça biletleri Deňiz söwda flotunyň resmi saýty arkaly onlaýn satyn almak mümkin.