Türkmenistanda mekdep bazarlary işläp başlady
1-nji awgustdan başlap, Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurduň welaýat merkezlerinde mekdep bazarlary öz işine başlady. Göçme söwda sekileri kanselýar harytlarynyň we mekdep esbaplarynyň giň saýlawyny hödürleýär, bu bolsa ene-atalara we okuwçylara täze okuw ýylyna taýýarlanmaga mümkinçilik berýär diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" neşiri habar berýär.
Täze 2024/2025-nji okuw ýylyna Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary mekdep eşikleriniň klassiki nusgalaryny öndürdi. Assortimentde oglanlar üçin penjekler we galstuklar, gyzlar üçin ýaşyl reňkli köýnekler we ak önlükler, şeýle hem türkmen milli başgaby tahýa bar.
Ilkinji müşderiler eýýäm täze mekdep eginbaşlaryny almaga bardylar. Satyjylaryň aýtmagyna görä, bu ýyl milli nyşanly sport eginbaşlaryna, futbolkalara we sport başgaplaryna has köp isleg bildirilýär.
Mekdep bazarlary 5-nji sentýabra çenli, öz işini dowam ederler. Mundan başga-da, 19-22-nji awgust aralygynda Aşgabatda "Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin " atly Halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler, ol ýerde türkmen we daşary ýurt öndürijilerinden çagalar, mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar üçin harytlar görkeziler.