Iň gowy radiogepleşigi saýlamak boýunça ses berlişik başlandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň tele we radioýaýlymlardaky gepleşikleri döwrüň talabyna laýyk alyp barmak baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, radioýaýlymlaryň gepleşikleriniň hilini ýokarlandyrmak, halkyň isleg bildirýän gepleşiklerini anyklamak, döredijilik toparlarynyň arasynda bäsleşigi ýola goýmak, gepleşikleriň netijeliligini ölçemek we mahabada isleg bildirýän gepleşikleri döretmek maksady bilen, “Mahabat” müdirligi awgust aýynyň 31-ne çenli dowam etjek “Iň gowy radiogepleşik” atly ses bermek işine başlady. Ses bermek işi sanly ulgam arkaly, turkmentv.gov.tm saýtynda geçirilýär.
Ses bermegiň düzgünleri şulardan ybarat:
• 0530 belgisine gepleşigiň kod belgisini ugratmak arkaly ses berilýär;
• SMS iberilende diňe KOD belgisiniň özi ýazylanda ses kabul edilýär;
• Ses kabul edilen ýagdaýynda, “Sesiňiz kabul edildi" diýip SMS iberilýär;
• Degişli döwürde radiogepleşigiň kod belgisine islendik möçberde SMS kabul edilýär.
Netijeleri turkmentv.gov.tm (https://turkmentv.gov.tm/vote/21) saýtyndan dessin yzarlap bolar.
SES BERMEKLIGE GATNAŞÝAN RADIOGEPLEŞIKLER WE OLARYŇ KODLARY:
"Watan" radioýaýlymy:
"Türkmen şuglasy" - 11; "Edebi çemen" - 12; "Aýdymym --- ak ganatym" - 13; "Magtymguly Pyragy --- köňülleriň çyragy" - 14.
"Miras" radioýaýlymy:
"Türkmen ýoly" - 15; "Sungata sarpam bar" - 16; "Gadymy senet, müdimi senet" - 17.
"Çar tarapdan" radioýaýlymy:
"Sungat serhetsiz dünýä" - 18; "Şadyýan çagalyk" - 19; "Göwün güzeri" - 20; "Bu günki çaga - ertiki şahsyýet" - 21; "Tebigat gözelligi" - 22; "Saglygym -- baş baýlygym" - 23;
"Owaz" radioýaýlymy:
"Owazdan sowal" - 24; "Muşdaklaryň bäsleşigi" - 25; "Islegler boýunça konsert" - 26; "Diňe söýgi hakynda" - 27; "Aýdyma öwrülen şygyrlar" - 28; "Sungata sarpa" - 29; "Dünýä dolan owazym" - 30.
"Watan" radioýaýlymy:
"Garaşsyzlyk bahary" - 31.
"Çar tarapdan" radioýaýlymy:
"Durmuş ýaýlasy" - 32.