Türkmenistanda Kataryň Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär
29-njy iýulda Doha şäherinde Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow bilen Katarda ýerleşýän Ýunus Emre institutynyň wekili Muhammet Mazhar Şahiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenleriň Dohadaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Türkmen tarapy 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we dünýäniň beýleki döwletlerinde geçirilýän çäreler barada gürrüň berdi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda şu ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi.
Ilçi Seýitmämmedow mundan ozal Kataryň medeniýet ministri Şeýh Abdulrahman bin Hamad bin Jassam Hamad Al Tani bilen duşuşyp, medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Taraplar medeni gatnaşyklaryň iň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Kataryň Medeniýet günleriniň Türkmenistanda geçirilmegi, şeýle hem Kataryň wekilleriniň beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşmagy bilen bagly meselelere seredildi.