Hytaý daşary ýurtly raýatlara meşhur syýahatçylyk welaýatyna wizasyz barmaga rugsat berýär

Hytaý Sýangan (Gonkong) we Aomen (Makao) dolandyryş sebitlerinde hasaba alnan syýahatçylyk agentlikleriniň syýahatçylyk toparlarynyň bir bölegi hökmünde daşary ýurtly raýatlara ýurduň günortasyndaky adada ýerleşýän Haýnan welaýatyna girmäge we 144 sagat wizasyz bu ýerde galmana rugsat berdi. Bu barada Döwlet immigrasiýa müdirligine salgylanyp Sinhua habarlar agentligi habar berýär.

Täze syýasat welaýatdaky ähli açyk barlag-göýberiş nokatlaryna degişlidir. Emma syýahatçylyk toparlary üçin çäreler Haýnan welaýatynyň administratiw sebitinde çäklidir.

Her bir syýahatçylyk topary azyndan iki adamdan ybarat bolmaly we tutuş topar bilelikde gelmeli we gitmelidir.

Döwlet immigrasiýa müdirligi immigrasiýa syýasatyny kämilleşdirmegi we düzgünleşdirmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.