“Türkmenhowaýollary” Aşgabada gatnawlarynyň sanyny artdyrdy
Giriş synaglaryny tabşyrmak maksady bilen Aşgabada gelýän dalaşgärleriň sanynyň köp bolmagy bilen baglylykda, “Türkmenhowaýollary” welaýatlardan paýtagtymyza goşmaça howa gatnawlaryny gurar.
Giriş synaglarynyň ýokary okuw mekdepleriniň hut özünde geçirilýändigi sebäpli, ýurdumyzyň welaýatlaryndan Aşgabada gelýän ýolagçylaryň sany ep-esli artdy. “Türkmenhowaýollary” bu ýagdaýa taýýarlykly geldiler hem-de goşmaça gatnawlary amala aşyrmaga başladylar. Goşmaça gatnawlar kabul ediş möwsüminiň ahyryna çenli dowam eder.
Bellenilişi ýaly, geçen ýylda şeýle çäreler eýýäm kabul edilen talyplaryň Aşgabada gelýändigi üçin awgust aýynyň ahyrynda amala aşyrylypdy. Ýöne soňky wagtlar ýurdumyzyň içindäki howa gatnawlary ep-esli artdyryldy.
Paýtagtymyzda ýurdumyzyň ähli künjeklerinden dalaşgärleri kabul edýän iri bilim edaralary ýerleşýär. Geljekki talyplar ilkinji giriş synaglaryny düýn, 2-nji awgustda tabşyrdylar. Bu çäre şu aýyň 28-ne çenli dowam eder.