«CASIC» 1000 km/sag tizlige ýetip bilýän super otlusyny synagdan geçirdi
Hytaýyň aerokosmiki ylmy-senagat korporasiýasynyň (CASIC) sagatda 1000 kilometr tizlige ýetmäge ukyply innowasion otlusy synaglardan üstünlikli geçdi. Synag Şansi welaýatynyň Datun şäherinde uzynlygy iki kilometre barabar bolan ýörite pes wakumly ýolda ýaýbaňlandyryldy.
Superekspress nusgasynyň barlag wagtynda iň ýokary tizligiň we asma beýikligiň görkezilen ölçeglerine laýyk gelýändigi tassyklandy. Otly durnukly hereketini we ygtybarly hem howpsuz saklanmak mümkinçiligini görkezdi. Hünärmenler pes wakum şertlerinde nawigasiýa ulgamynyň işleýşini hem synagdan geçirdiler.
Şanhi welaýatynda täze ulag ulgamynyň (UHS) döredilmegi «CASIC» tarapyndan 2022-nji ýylda başlanypdy. Ol geljekde Hytaýyň şäherleriniň arasyndaky syýahat wagtyny ep-esli azaldar, mysal üçin, Pekinden Şanhaýa çenli aralygy bir ýarym sagadyň dowamynda geçmäge mümkinçilik döreder.