Kazandan Aşgabada uçuşlaryň täze tertibi çap edildi

8-nji awgustdan 28-nji oktýabra çenli döwürde Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryň wagtlaýyn ýatyrylandygy sebäpli, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Kazan şäherinden Aşgabada uçuşlaryň tertibine üýtgeşme girizdi.

 

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli Moskwadan Aşgabada gadýan uçuşlar indi Kazan şäherine geçirildi. Moskwadan Aşgabada gaýdýan uçuşlara bilet alan ýolagçylar şol bilet bilen degişli uçuş gününde we wagtda Kazandan paýtagtymyza uçup bilerler. Munuň üçin ýolagçylara biletlerini çalyşmak zerur däldir.

 

Kazandan Aşagabada uçuşlaryň täzelenen tertibi:

 

Sişenbe günleri uçuş wagty 22:45, gonuş wagty 03:55 (indiki günde)

Çarşenbe günleri uçuş wagty 22:20, gonuş wagty 03:30 (indiki günde)

Anna günleri uçuş wagty 08:35, gonuş wagty 13:45

Şenbe günleri uçuş wagty 17:10, gonuş wagty 22:20

 

Uçuş we gonuş wagtlary her şäheriň ýerli wagtynda görkezilen. 8-nji awgustdan Moskwanyň Domodedowo aeroportyndan Kazan şäherine degişli ugra ýolagçylaryň muzdsuz eltilmegi bes edilýär. Bu ugur boýunça paýtagtymyza gelýän ýolagçylar öz harajatlaryna Kazan şäherine barmalydyrlar.