Türkmenistanly çagalar Russiýada geçiriljek halkara foruma gatnaşarlar

22 — 24-nji awgust aralygynda Moskwanyň pionerler köşgünde geçiriljek III Halkara çagalar medeni forumy 2 müňden gowrak gatnaşyjyny jemlär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministri Olga Lýubimowa aýtdy.

 

«Halkara çagalar medeni forumy 22-nji awgustda Moskwanyň pionerler köşgünde geçiriler. Şu ýyl foruma Russiýa Federasiýasynyň 89 sebitinden 2 müňden gowrak çaga geler, çärä daşary ýurtly myhmanlar hem gatnaşarar. Häzirki wagtda eýýäm 15 wekiliýetiň geljegi anyklandy» — diýip, ol TASS-yň metbugat maslahatynda belledi.

 

Onuň sözlerine görä, bu çärä Hindistandan, Müsürden, Serbiýadan, Belarusdan, Abhaziýadan, Günorta Osetiýadan, Bosniýa we Gorsegowinadan, Hytaýdan, Braziliýadan, Pridnestrowýadan, Siriýadan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Iordaniýadan hem-de Liwiýadan bolançagalaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

 

Mundan başga-da, ministr foruma 12-17 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň gatnaşyp biljekdigini aýtdy. Forumyň çäklerinde ussatlyk sapaklary, görnükli medeni şahsyýetler bilen duşuşykary, gyzykly gezelençleri guramak we beýleki 60 töweregi çäräni geçirmek meýilleşdirilýär. Olga Lýubimowa forumyň ussatlaryň ýolbaşçylyk etmegindäki alty döredijilik toparyna bölünjekdigini hem aýtdy.