Türkiýedäki ybadathanalar toplumynda iň gadymy Aý-Gün senenamasy tapyldy
Türkiýedäki arheologlar iň gadymy Aý-Gün senenamasy bolup biljek gymmatlygyň üstünden bardylar. Bu gymmatly tapyndy Göbekli depesindäki ýaşy 12 müň ýyl diýlip çaklanylýan ybadathana toplumyndaky bellikler bilen bezelen daş sütünlerden ybarat.
Alymlar gadymy adamlaryň Güni, Aýy we ýyldyzlary synlap bilendiklerini çaklaýarlar. Şol bir wagtyň özünde-de, alnan maglumatlary ýöntem senenama görnüşinde ýazga geçiripdiler.
Gazuw-agtaryş işleriniň başynda V şekilli nyşanly sütün tapyldy. Täze barlaglar şular ýaly belligiň her biriniň bir gün bolup biljekdigini görkezdi.
Eger bu çaklama dogry bolsa, sütünde 12 aý we 11 goşmaça günden ybarat 365 günlük senenama emele gelýär. Oňa Gün we Aý hasaplary girýär. Şeýlelik bilen, gazma bellikler dünýädäki müňýyllyklara çenli beýleki zatlary öňünden kesgitläp, dünýäniň iň irki Aý-Gün senenamasy bolup biler.
Alymlar Göbekli depäniň ýaşaýjylarynyň kometanyň ýere gaçan senesini bellemäge synanyşandyklaryny öňe sürýärler. Takmynan 13 müň ýyl ozal (miladydan öňki 10850-nji ýylda) ullakan kosmiki jisimiň bölekleri zemine gaçypdyr.
Bu tebigy apat 1200 ýyldan gowrak dowam edip, köp haýwan görnüşleriniň ýok bolmagyna sebäp bolan täze buz eýýamynyň başlangyjydyr. Mundan başga-da, ol irki adamzat siwilizasiýasynyň üýtgemegine sebäp boldy, ýagny sowuk şertlerden halas bolmak üçin adamlar oba hojalygyny ösdürip başladylar.
Ybadathana toplumyndaky beýleki sütün Taurid meteor «ýagyşyny» görkezýär. Şeýle asman hadysasyna sentýabr-dekabr aýlarynda syn edilýär. Bu barada «Time and Mind» habar berýär.
«Göbekli depäniň ilaty uly üns bilen asmany synlapdyrlar, asman jisimi tarapyndan olaryň dünýäsiniň ýok edilendigini göz öňünde tutsak, bu ýöne ýerden däldir» — diýip, bu ylmy-barlagyň awtory, Edinburg uniwersitetiniň inženerçilik mekdebinde zähmet çekýän doktor Martin Switman aýdýar.