Türkmenistanyň Döwlet ýangyn howupsyzlygy gullugy duýdurýär
Gyzgyn howaly günlerde öri meýdanlarynda ýangyn howpunyň döremek ähtimallygy ýüze çykýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy öri-sähra meýdanlarynda ýangyn döremek ähtimallyk howpunyň öňüni almak maksady bilen, şulary ýatladýar.
Öri meýdanlarynda ot ýakylmazdan öň, ýarym metr çuňlukda gazylan oý ýer taýýarlanyp, oduň daş-töwerege ýaýramazlygyny üpjün etmeli. Ody howanyň şemalsyz wagtynda ýakmaga rugsat berilýär. Onuň daş-töweregi (15 metr) guran ot-çöplerden arassalanmalydyr. Ody ulanylandan soň suw sepip ýa-da gum sürüp, doly söndürmeli, ol ýerden gitmezden öň, oduň ýakylan ýerinden uçgunyň çykmaýandygyna doly göz ýetirilmelidir.
Sürüjiler meýdanlarda awtoulag sürenlerinde, onuň tüsse çykarýan abzallaryndan guran ot-çöplere uçgunlaryň düşmegi bilen ýangynyň döremeginiň ähtimaldygyny ýatdan çykarmaly däldir. Şonuň üçin meýdanlarda sürülýän awtoulaglar ygtybarly uçgun söndüriş we ilkinji ýangyn söndüriş enjamlary bilen üpjün edilmelidir.
Mallaryň suwa ýakylýan guýularynyň 500 metr daş-töwereginde ini 3,5 metrden az bolmadyk iki sany araçäkde sürüm işleri geçirilmelidir. Öri meýdanlarynyň, daýhan birleşikleriniň, demir ýollaryň ýakalarynda däne ekin meýdanlarynyň ýa-da üzüm agaçlary bar bolan ýerleriň töwereginde ini 10 metrden az bolmadyk araçäkde sürüm işleri geçirilmelidir.
Demir hem gara ýollaryň ýakalaryndaky ýerlerde ýangyna garşy ini 4 metr bolan araçäkler döredilmelidir. Geologiýa-gözleg ekspedisiýalarynyň meýdanlardaky wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň 30 metre çenli töweregi guran ot-çöplerden arassalanmalydyr, ýangyna garşy ini 4 metrden az bolmadyk zolak çekilmelidir.
Eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalaryň, guramalaryň ählisi öri meýdanlarda, çöllerde, daglarda, tokaýlarda islendik işler geçirilende, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini doly berjaý etmäge borçludyrlar.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň wagyz-nesihat bölümi.