TDHÇMB-da geçirilen söwdalaşykda nebithimiýa, oba hojalyk hem-de ýeňil senagatyň önümleri ýokary islege eýe boldy
Penşenbe güni, 8-nji awgustda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda nebithimiýa, oba hojalyk hem-de ýeňil senagatyň önümleri satyldy.
Täjigistan, Owganystan, Türkiýe we Gruziýa döwletiniň işewürleri “Türkmengaz” we “Türkmennebit” Döwlet konsernlerinden suwuklandyrylan gaz we “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumy satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Serbiýe döwletiniň işewürler topary Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden buýan köküniň gury ekstrakty satyn aldylar.
Türkmen işewürleri “Türkmennebit” DK “BND 60/90” kysymly şepbeşik nebit ýol bitumy we “Türkmenhaly” Döwlet birleşiginden türkmen el halysyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 4 154 724 manada we 6 433 000 ABŞ dollaryna deň bolan 11 geleşik baglaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.