Hytaý giň zolakly internet üçin orbita emeli hemrasyny uçurdy
Hytaý pes orbitaly aragatnaşyk megatoparynyň ilkinji bölegi üstünlikli işe girizdi. Bu barada ýurduň öňdebaryjy kosmos potratçysy bolan Hytaýyň Howa kosmos ylmy-tehnologiýa korporasiýasy CASC (China Aerospace Science and Technology Corporation) mälim etdi.
“Long March 6A” (Çançžen 6A) raketasy Hytaýyň demirgazygyndaky Taýuan hemra uçuryş merkezinden uçdy. Raketanyň ýokarky bölegi SSST (Spacecom Satellite Technology) üçin 18 sany “Müň ýelkenli” emeli hemrany polýar orbitasyna uçurdy.
Birinji topary 1296 sany hemradan ybarat bolar. Olaryň 648-si sebitleýin ulgamy üpjün etmek üçin 2025-nji ýylyň ahyryna çenli işe giriziler.
2024-nji ýylda 108 sany hemranyň uçuryljakdygy ozal habar berlipdi. Jemleýji tapgyrda ýyldyzlar Ýere golaý pes orbitasynda 14 müňden gowrak giň zolakly multimediýa aragatnaşyk hemrasyny öz içine almalydyr.
Hyzmatlaryny üpjün edijisi “SpaceX amerikan kompaniýasy bolan “Starlink” ulgamy eýýäm müşderilere giň internet hyzmatlaryny hödürleýär.
Maglumar çeşmesi: orient.tm