Türkmenistanyň wekiliýeti Pakistanda geçýän «Food AG 2024» halkara sergisine gatnaşýar

Şu gün — 2024-nji ýylyň 9-njy awgustynda Karaçi şäherinde (Pakistan) azyk we oba hojalygy boýunça «Food AG 2024» atly ikinji halkara sergisi öz işine başlady. Söwdanyň ösüşi guramasy (TDAP) tarapyndan guralan bu çäräniň Karaçi sergi merkezinde geçip, 11-nji awgusta çenli dowam etjekdigini «SalamNews» saýtynyň foruma gatnaşýan wekili habar berýär.

 

Türkmenistanyň telekiçilerini öz içine alýan wekiliýet bu halkara foruma tejribe toplamak we azyk hem oba hojalygyndaky häzirki zaman tendensiýalary bilen tanyşmak üçin gatnaşýar. «Food AG 2024» «Durnukly geljegi döretmek» mowzugynda we geljege umumy garaýyş döretmek üçin halkara hem ýerli jemgyýetleri birleşdirmegi maksat edinýär.

 

Bu çäre tejribe alyşmak, işewür gatnaşyklary ýola goýmak we azyk hem oba hojalygyndaky üstünlikleri görkezmek üçin özboluşly platforma bolup hyzmat edýär.

 

Dürli ýurtlaryň wekillerini özünde jemleýän «Food AG 2024» halkara sergisi döwletara gatnaşyklary berkitmäge kömek edip, oba hojalygy we azyk senagaty pudagynda hyzmatdaşlygyň aýdyň geljegini açýar.

 

Bu halkara çärä türkmen wekiliýetiniň synçy hökmünde gatnaşýandygy ýurduň oba hojalygy we azyk senagaty pudagynda öňdebaryjy tejribäni we tehnologiýalary öwrenmäge gyzyklanma bildirýändigini görkezýär. Bu Türkmenistanyň agrosenagat toplumynyň mundan beýläk-de ösmegine we bu ugurda innowasiýa çemeleşmeleriniň girizilmegine goşant bolup biler.

 

«Food AG 2024-de» toplanan tejribäniň Türkmenistana oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmaga we ýurduň azyk howpsuzlygyny berkitmäge kömek etjekdigi bellenilýär.